10-njy noýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, tapgyryň esasy duşuşygynda turnir tablisasynyň öňbaşçylary «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümleriň astynda geçen duşuşykda 3:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Deňizçi» topary utuklaryyň sanyny 40-a ýetirip, turnir tablisasynyň birinji basgançagyna geçmegi başardy. «Köpetdag» bolsa 38 utuk bilen ikinji orna düşdi. 16-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Migrasiýa» «Senagatbank» toparyny ýeňlişe sezewar eden bolsa (2:1), «Turan» bilen TNGIZT toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji noýabrda geçiriler. 16-njy tapgyryň netijeleri: «Migrasiýa» – «Senagatbank» – 2:1 «Turan» – TNGIZT – 1:1 «Deňizçi» – «Köpetdag» – 3:2

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir