şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi we onuň barşynda 12-nji noýabrda ýurtda giňden belleniljek Hasyl toýy mynasybetli ähli türkmen halkyny, zähmetsöýer hasyl ussatlaryny gutlady. — Bu baýram merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetini görkezýän rysgal-berekediň baýramydyr — diýip, döwlet Baştutany aýtdy. PrezIdent Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň raýatlarynyň uly toparyny «Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda» Permana gol çekdi. Resminamada raýatlaryň degişli medal bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, döwletiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli sylaglanylýandygy bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir