Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda Türkmenistanyň Sloweniýa, Serbiýa, Bolgariýa Respublikalaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bellenilip, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir