Ozal habar berşimiz ýaly, Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen baglylykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy. Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewa bellenilip, ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir