«Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminamada bellenilişi ýaly, karar Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasy göz öňünde tutulyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynda: 1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýerlerini hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýerini kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmelidigi; 2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň, Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmelidigi beýan edilýär. Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary barada hem döwlet Baştutanyna maglumat berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy bu karary Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek boýunça kabul edilen resminama laýyklykda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir