Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, seýilgähiň, ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollarynyň hem-de daşarky eltiji we içerki agyz suw, lagym geçiriji ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminamada gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak hem-de binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Döwlet Baştutany bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilat üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen gol çekdi. Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Annamämmedowa resminamanyň ýerine ýetirilişine hem-de oňa laýyklykda geçiriljek gurluşyk işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir