Şu ýylyň on aýynyň dowamynda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň 10 aýynda ýurduň milli ykdysadyýetiniň makroykdysady görkezijileri hakynda döwlet Baştutanyna beren hasabatynda aýdyldy. Wise-premýeriň bellemegine görä, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim we çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, 53 sany durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, 34 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmegiň, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, maýa goýumlary köpräk çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň barşynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir