Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda kesgitlenen wajyp wezipeleri nazara almak bilen, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hem hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, hasabatda ýurduň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada giňişleýin maglumat berildi. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, ýurduň durmuş ulgamyny ösdürmäge zerur bolan möçberdäki serişdeler gönükdiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, ýurduň welaýatlaryndaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu resminamanyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine iberýändigini belledi. Baş maliýe meýilnamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir