şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle-de Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy, mowzuklaýyn ylmy-amaly maslahat, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda geçiriljek dabaralar bar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk işleriniň başlanandygyny belledi. Döwlet Baştutany täze ýyl ýerden ýokary hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegi, şeýle hem ýurtda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça-da zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewe Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çäreleriň, şeýle hem döwrebap athananyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir