Şu gün 10 aýyň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet­ mejlisinde Prezident Serd­ar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna bagyşlanan çärelere häzirden taýýarlyk görülmegini we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, ýurtda baýramçylyk dabaralarynyň, sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň 10 aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda geçirilýän baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri giňden beýan etmäge döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Prezident Serd­ar Berdimuhamedow şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir