10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda işgärleri wezipä bellemek hakyndaky çözgütlerden başlap, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryna çenli meseleleriň giň toplumyna garaldy, şu ýylyň on aýynda Hökümetiň ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi we öňde duran wezipeler kegitlendi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde, şol sanda ulag we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi. Munuň özi Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegine mümkinçilik döreder. Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2023-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlaryndaky görkezijileri milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny subut edýär. 2024-nji ýyl üçin täze Döwlet býujetiniň taslamasyna girizilen ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler hem ony berkitmäge gönükdirilendir. Işgärleri wezipä bellemek hakynda çözgütler Batyr Niýazliýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýadaky, şol bir wagtda, Sloweniýadaky, Serbiýadaky, Bolgariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Esen Aýdogdyýew Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy we Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Maral Kuliýewa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi. Maksat Çaryýew Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine bellenildi. Ol ozal bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesini eýeleýärdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary Hasyl toýy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Perman. «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakynda» Karar. Oňa laýyklykda, «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny we daşarky eltiji, içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary gurmak meýilleşdirilýär. Öňde boljak çäreler 12-nji noýabrda, Hasyl toýunyň bellenilýän gününde Köpetdagyň eteginde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlaryň «Türkmeniň ak öýlerinde» dabaralar geçiriler. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler. 2023-nji ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça esasy san maglumatlary Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e barabar boldy. 2022-nji ýylyň 10 aýy deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3% artdy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 3,7% ýokarlandy. Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 2,8% artdy. TSTB boýunça oba hojalyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 8,6%, senagat önümleriniňki bolsa 10,6% ýokarlandy. Ýurt boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6% köpeldi. Ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 6,3%, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 5,2% artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7%, çykdajy bölegi 97,8% ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, 25 müň 118 sany şertnama hasaba alyndy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda 20 sergi we 65 maslahat geçirildi. 2022-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlary bilen deňeşdirilende, maýa goýumlaryň möçberi 7,4% artdy. Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si, Mejlisiň kararlarynyň hem 42-si kabul edildi. Mejlis dürli döwletleriň ilçileriniň 24-sinden ynanç hatlaryny kabul etdi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport babatda halkara resminamalaryň 40-syna gol çekildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 243-sine gatnaşyp, jemi 674, şol sanda 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç medala mynasyp boldular. Ykdysadyýet Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar. Hususan-da, «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üstaşyr ulag gatnawlary boýunça Çarçuwaly ylalaşygyny» hem-de oňa degişli Teswirnamany tassyklamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem YHG-nyň hünärmenleri Türkmenistanda goňşy döwletler bilen serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek işine çekiler. Türkmenistanyň DIM-i Mary şäherini 2027-nji ýylda «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty» diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri görmek boýunça işlere girişer. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna berdi. Taslama laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar. Düýpli maýa goýumlaryň bir bölegi Türkmenistanyň welaýatlarynda täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdiriler. Dolandyryş-çäk bölünişigi Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýerlerini hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýerini kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi. Resminama guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasy göz öňünde tutulyp kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir