Türkmenistanly türgen Eziz Penjiýew 10-njy noýabrda Moskwa şäherinde geçirilen «AMC Fight Nights 120» ýaryşynda ikinji raundda Sergeý Tolmaçewi bogmak usuly bilen ýeňlişe sezewar etdi. Birinji raund deňeçer ýagdaýda geçdi. Söweşijileriň ikisi hem seresaplylyga aýratyn üns berdiler. Ikinji raundda Penjiýew garşydaşyna basyşy artdyrdy we ony parterdäki göreşe girmäge mejbur edip bildi. Tolmaçewiň şowsuz synanyşygyndan soňra, türkmen türgeni parterde onuň üstüne çykyp, garşydaşyny bogmak usuly bilen ýeňlişe boýun etdi. Ýeri gelende bellesek, Eziz Penjiýew ýeňil agramda (61,2 kilograma çenli) çykyş edýär. Ol dzýudo boýunça sport ussatlygyna dalaşgärlik derejesiniň eýesidir. Şeýle-de, Eziz Penjiýew söweş sambosy boýunça Moskwanyň çempiony we Kubogynyň eýesi bolmagy başardy. 10-njy noýabrda gazanylan üstünlik Eziz Penjiýew üçin «Fight Nights» promouşenindäki debýut ýeňişdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir