«Iş Nokady» kompaniýasy Sankt-Peterburgyň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň çägindäki resmi wekili boldandygyny yglan etdi. Olar: - A.I. Gersen adyndaky Russiýanyň döwlet mugallymçylyk uniwersiteti; - Sankt-Peterburgyň politehniki uniwersiteti; - A.S. Puşkin adyndaky Leningrad döwlet uniwersiteti; - S.M. Kirow adyndaky Sankt-Peterburg döwlet tokay-tehniki uniwersiteti; - Russiýanyň döwlet gidrometeorologiýa uniwersiteti. Bu waka Russiýanyň iň gowy uniwersitetleriniň birinde bilim almak isleýän türkmen dalaşgärleri üçin täze mümkinçilikler açýar. «Iş Nokady» kompaniýasy haýyşnama bilen ýüz tutmakdan başlap, wiza almaga we Sankt-Peterburg şäherine barmaga çenli okuwa girmegiň ähli basgançaklarynda dalaşgärlere ýakyndan goldaw berer. Rus dilinde gürlemekde kynçylyk çekýänler üçin kompaniýa bu dili öwrenmek üçin okuwlara gatnamak boýunça ajaýyp mümkinçilik hödürleýär. Okuwyň maksatnamasy tejribeli filolog tarapyndan işlenip düzüldi we aýratyn çemeleşme, okuwyň intensiwligi, amaly çemeleşme ýaly birnäçe artykmaçlyklary hödürleýär. Okuwy gutarandan soň, talyplar hiç hili kynçylyksyz synaglardan üstünlikli geçip bilerler we saýlap alan uniwersitetinde bilim alyp başlamaga taýyn bolarlar. Ýokarda agzalan uniwersitetleriň hemmesi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklandy. «Iş Nokady» kompaniýasy ähli gyzyklanma bildirýän türkmen dalaşgärlerini maslahat almak üçin şu salgy arkaly haýyşnama ibermäge çagyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir