Gawaý adalarynda gülgün howdan emele geldi, onuň suwy zäherli däl diýip, hünärmenler aýdýarlar. UPI habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Maui adasynyň ýaşaýjylary ýerli Kealiýa howdanynyň suwunyň reňkini üýtgetmeginden biynjalyk bolýarlar, howdanyň suwu gülgün öwüsýär. Hünärmenler munuň sebäbini guraklyk bilen baglaýarlar. ABŞ-nyň Balyk we ýabany tebigaty goramak gullugy suwuň eýýäm iki hepde bäri gülgün öwüsýändigini tassyklady diýip, «Mail.ru» ýazýar. Ýerli häkimiýetler howdanyň reňkiniň üýtgemegini onuň ýokary duzly suwunda tapylan galobakteriýalar bilen baglaýarlar, ýagyşlardyr guraklyk netijesinde howdanda duzuň möçberi artyp, ol suwuň reňkini üýtgedipdir diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir