Günüň ýa-da iş hepdesiniň ahyrynda köp adamlar agşamlaryny dostlary ýa-da maşgalasy bilen gowy aşhanasy bolan rahat restoranda geçirmegi makul bilýärler. Ol ýa-da beýleki restoran ýokary hilli hyzmatyndan we lezzetli tagamlaryndan başga-da, köplenç, ýerleşýän ýerine görä saýlanýar. Hemmeler göwnüne ýarasa-da, şäheriň beýleki künjünde ýa-da şäherden daşda ýerleşýän restoranyna gitmek islemeýärler. Aşgabatdaky «Soltan» zynjyrynyň ýedi sany restorany şäheriň dürli ýerlerinde ýerleşýär we şonuň üçin paýtagtyň islendik etrabynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir. Aşgabadyň taryhy merkeziniň we Parahat kiçi etrapçalarynyň ýaşaýjylary Parahat-4 ýaşaýyş toplumynda Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Soltan» restoranyna ýa-da bu zynjyryň meşhur «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki restoranlaryna barmagy makul görýändirler. Şäheriň günbatar böleginde, Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda, «Aşgabat» söwda merkezinde hem «Soltan» restorany hereket edýär. Türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde ýaşaýanlar üçin G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köçesindäki «Soltan» restorany iň amatlysydyr. 30-njy kiçi etrapça, Köşi we Gurtly ýaşaýyş toplumlaryna iň ýakyn ýerleşýäni «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezindäki restorandyr. Şeýlelik bilen, Aşgabat şäheriniň islendik etraplarynyň ýaşaýjylary özleri üçin iň amatly ýerleşýän «Soltan» zynjyrynyň restoranyny saýlap bilerler. «Soltan» restoranlarynda elmydama Türkmenistanda meşhur bolan türk aşhanasynyň tagamlarynyň baý görnüşleri hödürlenýär. Olarda diňe bir agşamy geçirmek däl, eýsem, dürli maşgala ýa-da köpçülikleýin dabaralary hem guramak mümkindir. «Soltan» restoranlarynyň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary: - «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefonlar: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44; - «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefonlar: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09; - «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81; - Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefonlar: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26; - Magtymguly şaýoly, 217, «Gül Zemin» SDAM, 3-nji gat, D 09. Telefonlar: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80; - «Aşgabat» SDAM, 3-nji gat, C-3.24. Telefonlar: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51; - G.Kuliýew (Obýezdnaýa), 72-nji jaý, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir