Şu gün Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijelerine we onuň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp ýurduň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlary bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem ýurduň mundan beýläk ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini özünde jemleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Ilçi B.Durdyýew gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden taryhy ähmiýetli, çuň manyly çykyşlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmeklige we ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ösdürmeklige gönükdirilen aýdan pähim paýhasly sözlerini, beren tabşyryklaryny hem-de wagyz-nesihatlaryny öz durmuşynda hem-de okuwynda esasy ýol görkeziji hökmünde ulanyp barmalydygyny, bu düýp manyly aýdylanlaryň esasynda ýurduň halkara derejede at-abraýynyň has ýokary belentliklere götermek maksady bilen tutanýerlilik we uly zähmet bilen Türkmenistanyň bähbidine Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, ýurdumyz üçin dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmelidigini nygtady. Maslahatyň dowamynda bu ýurtda bilim alýan talyplar hem çykyş etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir