Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Mergen Orazyň ýolbaşçylygynda DÇ-2026-nyň saýlamasyň ikinji tapgyryna taýýarlyk görüp başlady. «Okuw türgenleşik ýygnanyşygy Aşgabat şäherinde geçirilýär. Baş tälimçiniň giňeldilen sanawyndan 30 oýunçy orun aldy. Futbolçylar eýýäm doly ýagdaýda türgenleşik geçirdiler» diýip, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habar berýär. Noýabr aýynda Türkmenistanyň ýygyndysy iki sany oýunda meýdança çykar: 16-njy noýabrda Aşgabatda Özbegistanyň milli ýygyndysyny kabul eder hem-de 21-nji noýabrda Gonkongyň myhmany bolar. Ýeri gelende bellesek, «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistan Eýranyň milli ýygyndysy bilen hem güýç synanyşar. DÇ-2026-nyň saýlamasynyň üçünji tapgyryna gatnaşmaga toparçada birinji we ikinji orny alan ýygyndylar hukuk gazanarlar. DÇ-2026-nyň ikinji saýlama tapgyry: «E» toparça 1-nji tapgyr, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry Türkmenistan – Özbegistan 2-nji tapgyr, 2023-nji ýylyň 21-nji noýabry Gonkong – Türkmenistan

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir