Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we şäherde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň töwereginde bar bolan ýollaryň, köprüleriň, ýerüsti geçelgeleriň, halkalaýyn aýlaw ýollaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça taýýarlanylan şekil taslamalar hem-de ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda täze şäheriň awtoulag ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmak, abadanlaşdyrmak boýunça teklip edilýän taslamalar, halkalaýyn aýlaw ýolunyň, asma köpriniň çyzgylary, şeýle hem Arkadag şäherine barýan ýollary gurmak boýunça taýýarlanylan şekil taslamalar we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyklarda ulanylmagy göz öňünde tutulýan serişdeler, toplumlaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça kesgitlenen hem-de binalaryň bezeg aýratynlyklary baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Hasabatyň dowamynda Arkadag şäherine müňlerçe raýatlaryň uly höwes bilen göçüp gelýändikleri, bu ýerde adamlaryň amatly ýaşaýşy we doly derejeli dynç alşy üçin ähli şertleriň döredilendigi barada habar berildi. Şeýle hem täze şäherde durmuş düzümine degişli toplumlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir