Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda himiýa senagatynyň dürli pudaklarynda düýpli we amaly barlaglar geçirilýär we olaryň netijeleri önümçilige ornaşdyrylýar. Mysal üçin, häzirki wagtda, esasan, dürli maksatly ulanmak üçin beýleki ýurtlardan getirilýän tehniki duz kislotasyny öndürmek boýunça himiýaçy alymlaryň oýlap tapan tehnologiýasynyň uly ykdysady ähmiýeti bar. Institutyň laboratoriýa şertlerinde tehniki duz kislotasyny almak üçin ylmy-barlaglaryň geçirilmegi netijesinde ony ýerli çig maldan öndürmegiň has amatly usuly saýlanyp alyndy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron saýtynda habar berildi. Ylmy barlaglaryň netijelerini we taýýarlanan önümçilik tehnologiýasyny synagdan geçirmek üçin «Garabogazkarbamid» zawodynda Garabogazköl aýlagynyň baý mineral çig maly bolan bisofit bilen konsentrirlenen kükürt kislotasyny reaksiýa edip, tehniki duz kislotasyny öndürmek üçin zerur enjamlar taýýarlandy. Üstünlikli önümçilik synaglarynyň netijesinde 35 — 37,5% konsentrasiýaly tehniki duz kislotasy alyndy. Geljekde Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň döreden tehnologiýasyny ulanyp, ýerli çig maldan tehniki duz kislotasynyň doly derejeli önümçiligine başlanmagy nebit, gaz, himiýa, metallurgiýa kagyz pudaklarynyň, şeýle hem lukmançylygyň, himiýa barlaghanalarynyň we dürli boýaglardyr ýaglary öndürmekde talabyny kanagatlandyrar. Bu diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurtda öndürmeklige saldamly goşant goşman, eýsem, bu zerur himiki önümleriň eksport edilmegine hem mümkinçilik döreder diýlip, habarda bellenilýär.