Şu gün milli senenamanyň möhüm senesine – Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH ýazýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gurluşygy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. Athananyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen ýurtda bu pudagyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak, maddy we tehniki binýadyny berkitmek, tohum atlaryň sanyny köpeltmek üçin yzygiderli çäreler görülýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirilýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu çäreler ýurduň paýtagtynda we sebitlerde gurlan ajaýyp atçylyk merkezleri, şeýle hem ahalteke atlarynyň we ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan adamlaryň Ýer ýüzündäki barha artýan meşhurlygynyň netijesidir.