Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň daýhanlary döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýurtda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu barada TDH habar berdi. Bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi oba hojalyk pudagyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň iş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändigini ýene bir gezek äşgär etdi. Belläp geçsek, şu oba hojalyk ýylynda Balkan welaýatynda 13 müň gektar ýere gowaça ekilip, häzire çenli ýygnalan pagta hasyly 16 müň tonnadan hem geçdi we welaýat boýunça şertnamalaýyn borçnama artygy bilen berjaý edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir