Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 14-17-nji noýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna barar we bu ýurduň döwlet Baştutany Jo Baýden bilen duşuşar, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň sammitine gatnaşar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrligi habar berdi diýip, TASS ýazýar. «ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň çakylygy boýunça HHR-iň Başlygy Si Szinpin 14-17-nji noýabrda San-Fransisko barar we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti bilen duşuşar. Ol şeýle-de Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady forumynyň ýurtlarynyň liderleriniň resmi däl duşuşygyna gatnaşar» diýlip, Hytaýyň daşary syýasy edarasynyň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir