Ýaponlar it wepadarlygynyň nyşany bolan meşhur Hatiko atly köpegiň 100 ýyllygyny bellediler. Ol öz eýesi, uniwersitetiniň professory Hidesaburo Ueno diýseň wepaly bolupdyr we her gün ony işe gidende hem dolananda garşylapdyr. 1925-nji ýylda professor insultdan aradan çykar we öýüne dolanmaýar, emma Hatiko 9 ýyllap, Sibuýa demir ýol menziline gelip, onuň dolanaryna umytly garaşypdyr. Ýaponlar bu itiň wepadarlygyna haýran galyp, heniz dirikä oňa ýadygärlik dikipdirler. Hatiko öz heýkeliniň açylyş dabarasyna-da gatnaşypdyr. Ikinji jahan urşy ýyllarynda ýadygärligi harby maksatlar üçin eredipdirler, 1948-nji ýylda täzeden dikeldipdirler. Bu barada «Euronews.com» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir