Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri howa kondisionirleme ulgamlaryny we sowadyjy enjamlary ýokary hil derejesinde gurnamak, abatlamak hem-de hyzmat ediş amallaryny ýerine ýetirýärler. Bu amallary öz wagtynda ýetirmek maksady bilen, dürli desgalarda, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynda, ofislerde, şeýle hem senagat önümçiliklerinde islendik çylşyrymlylykdaky işleri amala aşyrmak üçin kärhanada göçme hyzmatlary ýerine ýetirýän ykjam topar iş alyp barýar. «Nebitmaş» DK ýetirýän hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny kepillendirýär. Ýatlap geçsek, «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň esasy işi — nebit-gaz we elektrotehniki senagaty hem-de ýurduň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary üçin köp sanly zerur bolan önümleri öndürmekden ybarat. «Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý; Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25. Şeýle-de okaň: «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri dürli demirçilik işlerini ýerine ýetirýärler «Nebitmaş» DK içerki elektrotehniki bazar üçin dürli modifikasiýaly liniýa-zynjyr armaturalary hödürleýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir