«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar «Jingdong» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi. Kompaniýanyň wekilleri «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisine we ylmy maslahatyna hem gatnaşdylar. 10-njy noýabrda bolan ikitaraplaýyn duşuşykda taraplar geljekki hyzmatdaşlyklar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de tehnologik kompaniýanyň maglumat, emeli aň, blok zynjyrlary we ş.m. tehnologiýanyň täze nesillerine esaslanmagy, olaryň mümkinçilikleri barada giňişleýin beýan edildi. Habarda bellenilişi ýaly, öz gezeginde türkmen tarapy hem kompaniýa bilen geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýup, ony hasda giňeltmek we ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir