Gündogar senenamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyl Ýaşyl agaç aždarhanyň ýyly bolar. Bu mifiki jandara harizmatiklik, emosionallyk we hemişe üns merkezinde bolmaga ymtylmak mashsusdyr. Hytaý medeniýetinde aždarha iň hormatlanylýan haýwanlaryň biridir. Ol imperatorlyk güýjüni, kuwwatlylygy we başarjaňlygy alamatlandyrýar. Sin dinastiýasy döwründe aždarha ýurduň döwlet baýdagynda şekillendirilipdir we adaty adamlara onuň şekili ýerleşdirilen eşikleri hem geýmek gadagan edilipdir, şeýle ýagdaýda olaryň hatda ölüm jezasyna-da sezewar edilen wagtlary bolupdyr. Esasy ýeri, 2024-nji ýylyň gelmegi bilen aždarhany garşy alýan diýip ondan heder etmeli däl. Birinjiden, Gündogarda aždarhany alamatlandyrýan ýyl — ýeriň we asmanyň ruhuny öz içine alýan jandaryň ýyly bolup, on iki ýyllyk sene aýlawynda adamzadyň iň gülläp ösýän we üstünlikli ýyly hökmünde kabul edilýär. Ikinjiden, 2024-nji ýylda haýwanyň ýaşyl reňkde bolmagy asudalygy, çeýeligi we özüne zyýan bermezden ýagdaýlara uýgunlaşmak ukybyny aňladýar. Otdan dem alýan ýylanyň nyşany diýseň oňyn häsiýetlendirilýän agaçdyr. Ýaşyl agaç aždarhasy bar bolan aždarhalaryň içinde iň asudasy we deňagramlysydyr. Gündogar senenamasynda ýaşyl reňk halky alamatlandyrýar. Şonuň üçin «Ýaşyl aždarha» ýyly adaty köpçülik üçin amatly hasaplanýar. Umuman aýdylanda, ýetip gelýän aždarha ýylyndan diňe gowulyklara garaşmaly: durmuş ýörelgäňi özgertmek, ýakymly duşuşyklar hem-de köp meseleleriň çözgüdi.