Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekiliýeti Aşgabatda saparda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet birnäçe duşuşyk geçirdi. Saparyň dowamynda BAE-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli hem gatnaşdy. Taraplar, şeýle hem, Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 28-nji mejlisine (COP 28) iň ýokary derejede gatnaşjakdygyna ünsi çekdiler. ⠀ Mundan başga-da, Ali Raşid Al-Nuaými Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda guralan seminarda BAE-niň halklaryň arasynda raýdaşlygy we parahatçylyk söýüjiligi ýaýmak ugrundaky tagallalary barada çykyş etdi. Çäre BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi, BAE-niň Federal Milli geňeşiniň agzalary, Türkmenistanyň müftüsi, Türkmenistanyň dini jemagatlarynyň wekilleri, Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň hem-de Serhet gullugynyň serkerdeler düzüminiň wekilleri gatnaşdylar. ⠀ Mundan başga-da, Ali Raşid Al-Nuaými Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda leksiýa berdi we institutyň talyplaryna BAE-niň ekstremizme we terrorçylyga garşy gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Ozal Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirendigini habar beripdik.