Şwesiýanyň demirgazyk port şäherjiginiň häkimligi ýaşaýjylary birek-birek bilen elleşip salamlaşmaga borçly edýän çözgüt çykardy diýip, «MIR 24» ýazýar. Luleo şäherjiginde 80 müň adam ýaşaýar, bu ýerde şeýle tutum badalga aldy, onuň maksady biri-biri bilen elleşip salamlaşýan adamlary höweslendirmekden ybaratdyr. Sosial ulgamlardaky wideoroliklerde şäherjigiň garasöýmez ýaşaýjylarynyň elleşip salamlaşanlaryndan soň ýüzlerinde ýylgyryş peýda bolşy beýan edilýär. «Goňşularyň bilen salamlaşmak adaty zat, emma barlaglar munuň sosial gatnaşyklaryň berkemegine hem-de saglyga, howpsuzlyga we abadançylyga oňyn täsir edýändigini görkezýär» diýlip, wideoşekilde ýazylýar. 31-nji oktýabrda başlanan tutum dört hepde dowam eder. Onuň maksady şwedleriň göwnüçökgünlikden we ýalňyzlykdan has köp ejir çekip başlandyklary bilen baglydyr. Olar biraz tutuk adamlar, şonuň üçin olara bir-biri bilen köpräk gürrüňdeş bolmak gerek diýip, ýerli hünärmenler aýdýarlar. «Bu tutum wagtynyň köp bölegini öýden çykman geçirýän şwedler üçin gatnaşyklary işjeň ýola goýmak üçin peýdaly bolup biler» diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir