Mahaçkalanyň «Dinamosy» futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň 18-nji tapgyrynda öz öýünde «SKA-Habarowsk» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Serder Serderewiň goly we Wýaçeslaw Podberezkiniň awtogoly Gurban Berdiýewiň şägirtlerine ýeňiş getirdi. Bu üstünlik «Dinamo» üçin türkmen tälimçisiniň türgenleşdirmeginde Birinji ligada gazanylan 10-njy ýeňiş boldy. Häzirki wagtda Mahaçkalanyň «Dinamo» kluby 34 utuk bilen turnir tablisasynda üçünji ýerde barýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir