DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryndan orun alan Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň petekleri satylyp başlandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 16-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda Özbegistan bilen güýç synanyşar. Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar. Petegiň bahasy — 30 manat. Petekleri «Aşgabat» köpugurly stadionynyň kassalaryndan satyn almak mümkin. Kassalaryň iş wagty sagat 8:00-dan 21:00-a çenli. Şeýle-de, oýnuň petekleri «Berkarar» we «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkezlerindäki hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezlerindäki nokatlarda hem satylýar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynda «E» toparçasynda Eýranyň, Özbegistanyň we Gonkonyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar. Mundan ozal türkmen futbolçylarynyň Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda Özbegistana we Gonkonga garşy geçiriljek oýunlara taýýarlyk görüp başlandyklaryny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir