13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde 14, 16 we 18 ýaşa çenli bolan ýetginjek oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda küşt bounça dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa 93 döwletden 800 töweregi küştçi gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berýär. Dünýä çempionatynda aşakda görkezilen küştçüler Türkmenistana wekilçilik edýärler: Amanmuhammet Hommadow (18 ýaşa çenli), 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda Aziýanyň çempiony; Leýla Şöhradowa (16 ýaşa çenli), rapid boýunça dünýä çempionatynda bürünç medalyň eýesi; Läle Şöhradowa (18 ýaşa çenli), zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony; Mähri Agamyradowa (14 ýaşa çenli), mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Aziýa çempionatynda baýrakly orny eýelän; Sanjar Gaýbullaýew (16 ýaşa çenli); Gurbanmyrat Rüstemow Рустемов (14 ýaşa çenli). Bu ýaryş dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş küştçüler üçin iň möhüm turnirleriň biridir. Sebäbi ol ýeňijilere küşt boýunça halkara ussady ýa-da FIDE-niň ussady ýaly derejeleri almaga mümkinçilik berýär. Çempionat şweýsar ulgamy boýunça 11 tapgyrdan ybarat görnüşde geçirilýär. Ýaryşda küştçülere her oýun üçin bir ýarym sagat wagt berilýär hem-de her bir ýöriş üçin 30 sekunt wagt goşulýar. Dünýä çempionatynyň oýunlaryna lichess.org saýty arkaly onlaýn tomaşa etmek mümkin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir