Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy. 10-njy noýabrda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm meseleler barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Ministr Türkmenistanda demokratik institutlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletiň degişli halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny belledi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlyk guralynyň çäklerinde alnyp barylýan oňyn dialog barada nygtaldy. Türkmen tarapy OHCHR-nyň adam hukuklary babatynda milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandynyň, hususan-da, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Milli Hereketler meýilnamasynyň hem-de 2022 — 2028-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Milli Hereketler meýilnamasynyň täzelenen taslamasynyň işlenip düzülmeginiň ähmiýetini belläp geçdi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir