Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 12-nji noýabrda bolan duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda hem bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir