Aýdymçy Maýkl Jeksonyň 1984-nji ýylda «Pepsi» içgisiniň mahabatynda geýnen gara-ak keltekçesi (kurtkasy) Londonda geçen «Propstore» söwda-satyg auksionynda 306 müň dollara satyldy diýip, BBC News habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar. Söwdalaşyklara şeýle-de 200-den gowrak ýadygärlik zatlar çykaryldy. Auksionda britan aýdymçysy Jorj Maýklyň «La Rocka» keltekçesi 115 müň dollara satyldy. Aýdymçy ony geýnip, «I Knew You Were Waiting (For Me)» aýdymynyň şekilli görnüşinde surata düşüpdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir