Türkmenistanly türgen Begenç Baltaýew Ýerewan (Ermenistan) şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Halkara sambo federasiýasy habar berdi. Begenç Baltaýew ýaryşda sport sambosy görnüşi boýunça 79 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, 24 türgeniň arasynda hormat münberinden orun almagy başardy. Bu agram derejede altyn medaly bolgariýaly Iwan Harkow, kümüş medaly ermenistanly Boris Şatwerýan, ýene bir bürünç medaly bolsa russiýaly Ýegor Suhoparow eýeledi. Ýeri gelende bellesek, sambo boýunça dünýä çempionaty 12-nji noýabrda tamamlandy. Ýaryşa 65 ýurtdan türgenler gatnaşdylar.