Türkmenistandan wekilçilikli delegasiýa möhüm çärä — Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Wenesiýa bardy. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistan Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiri D.Orazsähedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň müdiri A.Nurmämmedowa we beýleki döredijilik adamlary bar. Türkmenistan Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow we Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow Weneto sebitiniň Prezidenti Luka Zaýa tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda, hususan-da syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer, şeýle hem partiýa guramalary arkaly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Wenesiýanyň iň uly medeni toplumlaryndan biri bolan Palasso Kwerini Stampalýa baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir