Awstraliýanyň hökümeti Tuwalu ada-döwletiniň ýaşaýjylaryna gaçybatalga berer diýip, «Habar 24» ýazýar. Ada-döwletiň çägi ählumumy maýlama we Dünýä ummanynyň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, 2050-nji ýyla çenli suwuň astyna gidip biler. Her ýyl Awstraliýa adanyň 280 ýaşaýjysyny kabul eder. Tuwaluda häzir 12 müň töweregi adam ýaşaýar. Awstraliýa şeýle-de Tuwalunyň esasy adasynyň çäginiň giňeldilmegi üçin goşmaça serişdeleri ýollamakçy, howpsuzlygy üpjün etmek üçin harby kömek bermekçi. Awstraliýanyň Premýer-ministri Ýuwaş umman ada-döwletlerine kömek maksatnamasyny giňeltmäge hem-de sebitiň howa infrastrukturasyny ösdürmäge 220 million dollar maýa goýmagy wada berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir