Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýüni düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri 15-nji dekabra çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky 200 orunlyk «Bagyr» medeniýet öýi «Bagyr» ýaşaýyş toplumynyň G.Öwezow köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýär. «Bagyr» Gadymy Nusaý taryhy ýadygärlikleriniň golaýynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeklerinden biridir.