Günorta Koreýanyň «Rovigos Inc.» logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny döretmek işleýär. Bu barada «Trend.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, satuw we çykdajylary yzarlamak üçin emeli intellekt tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan belli logistika platformasy bolan «Rovigos» Merkezi Aziýanyň, esasanam Türkmenistanyň bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr. Kompaniýanyň baş direktory «Rovigos»-yň seljermesi emeli intellekt esasynda organiki taýdan integrirlenen, satuwlary çaklamaga we bahalaryň tendensiýalaryny yzarlamaga mümkinçilik berýän iň täze çözgütleri üpjün etmekde öňdebaryjydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ol konteýnerleri takyk yzarlamaga mümkinçilik berýän, logistikanyň netijeli we ygtybarly dolandyrylmagyny üpjün edýän hemra aragatnaşygy pudagynda kompaniýanyň tejribesini belledi. Şol bir wagtyň özünde, «Rovigos» bulut emeli intellekt ulgamynda öňdebaryjy startap bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir