Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Häkimler häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalyp alnan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle-de welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, gyş möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen, mallaryň gyşladyljak ýerleriniň abatlanylyp, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlarynyň döredilýändigi barada hem habar berildi. Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak we ony gaýtadan işlemek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Häkimler şeýle-de, degişli maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa edilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Degişli häkimlere ýetişdirilen şalynyň, gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz, gysga möhletde ýygnap almak bilen baglylykda anyk tabşyryklardyr görkezmeler berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurtda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir