Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary döwlet ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, iki halkyň ruhy-ahlak umumylygynyň we gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda gurulýan köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýranyň ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Duşuşykda Eýranyň sebitde Türkmenistanyň iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna üns çekildi. Söwda-ykdysady ulgamda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ykdysady döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi. Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn ornuň degişlidigi bellenildi. Binýadynda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy we ruhy ýörelgeleri bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridigi barada hem aýdyldy. Bilelikdäki medeni çäreleriň, hususan-da, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň we beýlekileriň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly itergi berýändigi bellenildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan ýokary derejä çykarmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi soňky ýyllarda täze mazmuna hem-de ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.