Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosini kabul etdi. Ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Imperatorynyň hem-de Premýer-ministriniň mähirli salamlaryny, şeýle-de Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ygtybarly binýady goýlan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegindäki goşandy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny ýetirdi. Ilçi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini we Türkmenistanyň sebitde öňdebaryjy orny eýeleýändigini belläp, öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, söhbetdeşler Türkmenistanda we Ýaponiýada yzygiderli geçirilýän sergileriň, Medeniýet günleriniň hem-de beýleki medeni çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almagynyň hem-de tejribe okuwlaryna gatnaşmagynyň Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalara oňyn täsir edýändigi barada aýdyldy. — Ýurtlarymyzyň arasynda söwda we ykdysadyýet, medeniýet, ylym hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna hem-de bu gatnaşyklaryň geljekde-de has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi. Diplomat hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan dostlukly ýapon-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we çuňlaşdyrmakda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir