Şu gün Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly açyldy. Bu halkara teatr festiwala ilkinji gezek Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýny bilen çykyş eder. Sahna eseri Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasy esasynda taýýarlandy. Bu sahna eseriniň baş gahrymany Welmyradyň argyşa gidişi we şol ýerde sowatly bir ýaş ýigidiň okaýan kitabyna maýyl bolup, ony guba düýä çalşyp gaýdyşy beýan edilýär. B.Abaýewiň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan «Köňüller kelamy» atly sahna eseri Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 14-nji noýabrda sagat 15:00-da görkeziler. Ozal halkara festiwala gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag iberendigi barada habar beripdik.