DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýna ýaponiýaly eminler topary bellenildi. Oýnuň esasy emini 41 ýaşly FIFA referisi Hiroýuki Kimura bolar. Bu barada globalsportsarchive.com saýty habar berdi. Türkmenistan — Özbegistan oýny 16-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Duşuşyk sagat 19:00-da başlanar. Hiroýuki Kimura gapdal eminleri hökmünde ildeşleri Kota Watanabe we Takumi Takagi ýardam ederler. Oýnuň ätiýaçdaky emini hem ýene bir ýaponiýaly Hirkoi Kasahara bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir