Aşgabat şäheri 23 ― 28-nji noýabr aralygynda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder. Dünýä çempionaty Kuraş boýunça halkara assosiasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýär. Assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal ― 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda assosiasiýa milli federasiýalaryň 118-sini özünde birleşdirýär. Olaryň 32-si Aziýa, 22-si Afrika, Ýewropa 33-si, Demirgazyk we Günorta Amerika yklymlaryna 22-si, Okeaniýa bolsa 9-sy wekilçilik edýär. Ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Aşgabat taryhynda ilkinji, umumylykda bolsa 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir