Beýik Britaniýanyň öňki hökümet başlygy Dewid Kemeron ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň wezipesine bellendi diýlip, häzirki Premýer-ministr Rişi Sunagyň diwanynyň habarynda aýdylýar. Bu barada «MIR 24» ýazýar. «Dewid Kemeron daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministri wezipesine bellendi» diýlip, metbugat beýanatynda bellenýär. Ol bu wezipede Jeýms Klewerlini çalyşdy. Dewid Kemeron 2010-2016-njy ýyllarda Britaniýanyň Hökümet başlygy boldy, 2016-njy ýylyň iýulynda iş başyndan gitdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir