Gazagystanyň öňki Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň kiçi dogany Bolat Nazarbaýew Almaty şäheriniň hassahanasynda aradan çykdy diýip, «Interfax.ru» habar berýär. Habarda Bolat Nazarbaýewiň uzaga çeken keselden aradan çykandygy aýdylýar. Ol 4-nji noýabrda ikinji gezek infarkt geçirip, hassahana ýerleşdirilipdir. 70 ýaşly Bolat Nazarbaýew 1990-njy ýyllardan başlap, telekeçilik bilen meşgullanypdyr, «Salykaly urpak» jemgyýetçilik haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyrypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir