«Gremmi» aýdym-saz baýragyna dalaşgär görkezilen amerikan aýdymçy zenany Bobbi Storm uçaryň üstündekä aýdym aýtmak isländigi bilen baglylykda, tas uçuşdan galdyrylypdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Regnum.ru» habar berýär. «Siz ümsüm oturyp bilmezmisiňiz?» diýip, «Delta» awiakompaniýasynyň uçarbeleti oňa gaharlanmaga mejbur boldy. Emma aýdymçy zenan uçarbelet bilen jedele girdi, ümsüm oturmagyň deregine ýolagçylar üçin çykyş etmek isledi. Ondan ýene ümsüm oturmagy talap etdiler, emma 36 ýaşly aýdymçy zenan ýolagçylara nädip aýdym-saz sungatynda meşhurlyga ýetendigi barada gürrüň bermäge başlady. Emma onuň gürrüňleri hemmelere ýarap barmaýardy. Internetde ýerleşdirilen wideogörnüşlere tomaşa edenleriň köpüsi aýdymçyny medeniýetsizlikde aýyplady. Olar ýolagçylaryň dynç almak islegine päsgel bermeli däl diýip, bellik etse, aýdymçy zenana duýgudaşlyk edenler hem tapyldy. Bobbi Storm 1987-nji ýylda doguldy, ol «Lazy Love», «We Can’t Forget About Him», «Boy Bye», «Poor Dat» we «Beautiful Robbery» atly aýdymlary bilen meşhurlyk gazandy. Ol 2024-nji ýyl üçin abraýly «Gremmi» baýragyna dalaşgärlik edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir