Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Dostlukly döwletiň Medeniýet günleriniň dabaralary Aşgabat hem-de Türkmenabat şäherlerinde guralar diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär. Medeniýet günleriniň çäginde dostlukly ýurduň sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdymdyr sazlary bilen çykyş ederler. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda ýurduň amaly-haşam sungat eserleriniň hem sergisi guralar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir