Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklary işjeň ösýär. Eýranyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda türkmen kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy artdyrýarlar. Energetika ulgamyndaky iri infrastrukturasy taslamalary enjamlar bilen üpjün edijiler we potratçylar üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ulag-logistika ugurlarynyň giňelmegi işewürligiň mümkinçiliklerine hem oňaýly täsir eder. Ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalarynyň yzygiderli gurulmagy türkmen bazarynda gurluşyk kompaniýalary we gurluşyk materiallaryny öndürijiler üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Işewürlik çäreleri 7 — 19-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Iran Project» atly eýran harytlarynyň sergisine Eýranyň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar. Sergide gurluşyk pudagyna degişli (gurluşyk materiallary, santehnika, elektrik enjamlary, yşyklandyryş enjamlary) we tehniki-inženerçilik hyzmatlary (nebit, gaz, nebithimiýa, elektrik energetikasy) hödürleýän iri eýran kärhanalary öz önümleri bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem oba hojalygy, lukmançylyk hyzmatlary we beýleki ulgamlara degişli önümler görkeziler. Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 5 – 10-njy noýabr aralygynda Şanhaýda geçirilen 6-njy Hytaýyň halkara import sergisine (China International Import Expo, CIIE) gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri girdi. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen YHG-niň Sammitde çykyş edip, Guramanyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýurduň taýýardygyny aýtdy. Her ýylda Yraga iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi 9 milliard kub metre deň bolar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň Yragyň wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada degişli Teswirnama gol çekildi. Söwda Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda täze serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär. Olar Prezident tarapyndan öňe sürlenler başlangyçlary durmuşa geçirmek maksady bilen dörediler. Bu geljegi uly başlangyç ýurt bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine uly itergi berip biler. YHG-niň hünärmenlerini çekmek bolsa, öz gezeginde, serhetüsti söwdany guramakda öňdebaryjy tejribäni ulanmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlara sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça Çarçuwaly ylalaşygy işläp taýýarlamagy teklip etdi. Maliýe 2023-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi 6,3% derejesinde üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniňdüýpli maýa goýumlaryň bir bölegi önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdiriler. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Hytaýyň onlaýn bölek söwda bilen meşgullanýan «JD.com Incorporation» kompaniýasy hyzmatdaşlygyň mümkinçlikleri, hususan-da, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar pudagynda elektron söwdany we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak barada pikir alyşdylar. Türkmen tarapy «JD.com-yň» onlaýn söwda we sanly tehnologiýalar ulgamyndaky öňdebaryjy çözgütlerine gyzyklanma bildirdi. «Türkmen hemrasy» AGPJ «Thales Alenia Space France SAS» we «Eutelsat» fransuz kompaniýalary bilen gizlinlik we maglumatlaryň aýan edilmezligi barada üçtaraplaýyn şertnama baglaşdy. Ozal Türkmenistan we «Thales Alenia Space» ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy bolan «TürkmenÄlem 52.0E» emeli hemrasyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçiripdiler. Gurluşyk Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, seýilgähiň, awtomobil ýollarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy. Munuň korrupsiýa garşy göreşmek ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýurduň mümkinçiliklerini artdyrmagyna garaşylýar. «Garagum» türkmen kompaniýasynyň baş direktory Gylyç Hallyýew we Gazagystanyň «Merusar we K» jogapkärçiligi çäkli hyzmatdaşlyk kompaniýasynyň başlygy Marat Mahanow Gazagystanyň öndürijisini dürli dykyzlykly dokalmadyk polipropilen mata bilen uly möçberde üpjün etmek barada şertnama baglaşdylar. Dokalmadyk polipropilen mata döwrebap sintetiki material bolup, dürli ugurlarda, şol sanda lukmançylyk lybaslarynyň önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Ulag Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň wekilleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ugry arkaly halkara multimodal geçelgäni döretmek baradaky Teswirnama gol çekdiler. Ol Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden ÝB-ne ýük daşamagy guramagy, bäsdeşlik nyrhlarynyň ulanylmagyny we demir ýol arkaly ýük daşamak üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Oba hojalygy Türkmenistanyň Balkan welaýatynda pagta ýygymy möwsümi tamamlandy. 16 müň tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnaldy.